"Dartgynly günleri başdan geçirýändigimize garamazdan gepleşigi çözgüt hökmünde görýäris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Gresiýanyň wagtal-wagtal dartgynly günleri başdan geçirýändigine garamazdan gepleşigi çözgüt hökmünde görýändiklerini aýtdy

"Dartgynly günleri başdan geçirýändigimize garamazdan gepleşigi çözgüt hökmünde görýäris"

Mewlüt Çawuşogly bilen Gresiýanyň Daşary işler ministri Koçias, Gresiýanyň Izmir şäherindäki Baş konsullygynyň abatlanan täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Iki kärdeş açylyş dabarasyndan soň metbugata beýanat berdi.

“Türkiýe bilen Gresiýa geografiýamyzyň we taryhyň möhrüni goýan ýurtlary we iki uly medeniýete ýer eýeçiligini edýäris” diýen Çawuşogly, “Iki ýurtda hem sansyz sajaksyz medeni ýüzlenmeler bar. Dillerimizde bilelikde ulanylýan 5 müň söz bar. Bular elbetde halklarymyzy biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar. Wagtal-wagtal düşnüşmezlikler, dartgynly günler başdan geçirilýär. Emma biz hyzmatdaşlygy we gepleşigi çözgüt hökmünde görýäris. Tapawutly garaýyşlara eýedigimiz syr däl” diýdi.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Gresiýa gaçan Fetullahçy terror guramasy FETÖ agza gaçgaklaryň Gresiýa tarapyndan hemaýat astyna alynandygyny aýdan Çawuşogly “Gresiýany nyşana alan huntaçylar we dönükler biziň ýurdumyzda ýaşap bilmez. Biz muňa rugsat bermeris” diýdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministri Koçias bolsa agdarlyşyk synanşygyna garşy Türkiýä goldaw berýändiklerini öňe sürdi.



Degişli Habarlar