Türkiýe Liwiýadaky çaknyşyklara alada bildirýär

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Liwiýanyň paýtagty Tripolide 27-nji awgustda başlan we köp sanda adam ýitgisiniň çekilmegine sebäp bolýan çaknyşyklara alada bildirýändigini habar berdi

Türkiýe Liwiýadaky çaknyşyklara alada bildirýär

Ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Liwiýanyň paýtagty Tripolide 27-nji awgustda başlan we barha ýaýbaňlanyp, köp sanda adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan çaknyşyklara alada bildirýäris” diýip bellendi.

Beýanatda Liwiýada ähli taraplary asuda ilata zeper ýetirjek we BMG-niň ýolbaşçylyk etmeginde dowam etdirilýän syýasy etaba päsgel berjek hereketlerden uzak durmaga çagyrylyp: “Türkiýe, Tripolide çaknyşyklaryň duruzulmagy, asudalygyň we hopwpsyzlygyň täzeden dikeldilmegi bilen bagly ediljek tagallalara doly ýagdaýda goldaw berýär” diýip nygtaldy.

Liwiýanyň paýtagty Tripolide eýýäm birnäçe gün bäri Milli Ylalaşyk hökümetine degişli harby toparlaryň arasynda çaknaşyklar dowam edýär.


Etiketkalar: Tripoli , çaknyşyk , Liwiýa , Türkiýe

Degişli Habarlar