Prezident Erdogan jebislik we bitewilik çagyryşyny berdi

Prezident R. T. Erdogan Türki dilli döwletleriň özara hyzmatdaşlygynyň we arkalaşygynyň, halkara ulgamyň adalatly ýagdaýda gönükdirilmegine itergi berjekdigini aýtdy

Prezident Erdogan jebislik we bitewilik çagyryşyny berdi

Prezident Erdogan Gyrgyz Respublikasyna guran saparynyň çäginde düýn Ruh Ordu medeniýet merkezinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagt Bişkekde geçirlen Türk geňeşiniň 6-nji liderler maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda jebislik we bitewilik çagyryşyny beren Erdogan “Soňky döwürde halkara kadalaryň we düzgünleriň basgylanýandygyna gaty gynanýaryn” diýdi.

Käbir ýurtlaryň halkara meseleleriň çözülmegine diplomatiýanyň we dialogyň ýerine, abaý-syýasaty saýlap alandyklaryny aýdan Erdogan “Söwda çäklendirmeleri, gümrük salgytlary we  sanksiýalar bilen birnäçe ýyllyk ylalaşyklardan ýüz öwrüp bilýärler”diýdi.

Türkiýäniň halkara jemgyýetçiliginde arkalaşykly ýagdaýda diplomatiýa, adalata, dialoga we hukuga goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtan Erdogan, “Türki dilli döwletleriň özara hyzmatdaşlygy we arkalaşygy, halkara ulgamyň adalatly ýagdaýda gönükdirilmegine hem itergi berer” diýip belledi.

Prezident Erdogan “ Milli pur birliklerimiz bilen söwda edilmgini teklip edýärin” diýdi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň bir wagtlar Türkiýede bolşy ýaly  dünýäniň çar tarapynda ylmy ojaklar arkaly guramalaşandygyny aýdan Erdogan “Başdan geçiren wakalarymyz bize bolşy ýaly dostlarymyza hem FETÖ garşy göreşde gijä galynmaly däldigini görkezdi” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar