Prezident Erdogan Manas uniwersitetinde çykyş etdi

Erdogan Türkiýäniň Gyrgyzystan bilen gatnaşyklaryny esasan hem Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) täsirinden saplap, has hem özgertmekde tutanýerlidigini belledi

Prezident Erdogan Manas uniwersitetinde çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Bişkekdäki Manas uniwersiteti tarapyndan «Hormatly doktory» diýen ýokary derejeli ylmy adyň özüne berilmegi bilen bagly geçirilen dabara gatnaşdy.

Çykyşynda FETÖ-niň haýyn bir guramadygyny aýdan Erdogan: “Siz (gyrgyzlar) biziň doganymyz. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda harby agdarlyşyk guranlar, Alla görkezmesin, ertirki gün size garşy hem şony ulanmasyn. Bular dönükdir, bular hyýanatçydyr we şol çäkden biz üçekden gaçan bolandygymyz üçin doganlarymyza duýdurýarys, ünsli boluň” diýip belledi.

Orta Aziýanyň taryhynyň ähli döwürlerinde türkleriň ata watany bolandygyny aýdan Erdogan: “Bu geografiýada ýaşan ata-babalarymyz müňlerçe ýyllaryň dowamynda günbatara, gündogara, demirgazyga we günorta göçüpdirler, özleri üçin täze ýaşaýyş ýerlerini döredipdirler. Anadolynyň Orta Aziýa bilen gatnaşygy, hesreti hemişe dowam etdi. Sowuk söweş bu ýakyn gatnaşygyň gowşamagyna sebäp döretdi. Türkiýäniň sebit bilen ýaňadandan ýola goýan gatnaşygy käbir töwerekleri biynjalyk etdi” diýdi.

Geografiýanyň soňky ýyllarda galkynandygyny aýdan Erdogan: “Häzirki wagtda bir direliş bar. Jebislik bilen Gyrgyzystany aýaga galdyrarys. Türkiýe hökmünde ilkinji gündäki bolşy ýaly Gyrgyzystanyň ýanyndadyrys” diýip nygtady.



Degişli Habarlar