Prezident Erdogan 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň açylyşyna gatnaşar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gyrgyzystana guran saparynyň çäginde 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň açylyşyna gatnaşmak üçin Çolpon Ata bardy

Prezident Erdogan 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň açylyşyna gatnaşar

Erdogan ýurdyň paýtagty Bişkekde geçiren gepleşiklerinden soň, 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň açylyşyna gatnaşmak üçin ýörite uçar "ANA" bilen Bişkek Manas Halkara howa menzilinden, Yssyk Köl Tamçy howa menziline ugrady. 

Türk wekiliýet bilen Çolpon Atadaky Yssyk Kölde geçiriljek oýunlaryň açylyşyna gatnaşjak Erdogan, ilki bilen resmi agşam naharyna gatnaşar. 

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan şu gün Bişkekdäki Manas uniwersiteti tarapyndan «Hormatly doktory» diýen ýokary derejeli ylmy adyň özüne berilmegi bilen bagly geçirilen dabara gatnaşanyndan soň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen Ata Beýit ýadygärligini zyýarat edipdi. 

1916-njy ýylda başdan geçirilen wakalaryň ýadygärligine bagyşlanyp gurulan Ürkün ýadygärligine wenok goýan Erdogan, meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň aramgähinede gül desselerini goýdy.

Erdogan düýn bolsa Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen Ymam Sarahsy metjidiniň açylyşyna gatnaşdy.

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda açylan metjit mynasybetli bütin Yslam dünýäsini we Gyrgyzystandaky musulmanlary gutlady.

 



Degişli Habarlar