Erdogan Türkiýe-Gyrgyzystan Işewürler forumyna gatnaşdy

Prezident Erdogan global söwdada dollaryň agalyk etmegini ortadan aýyrmalydyklaryny belledi

Erdogan Türkiýe-Gyrgyzystan Işewürler forumyna gatnaşdy

Erdogan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen Türkiýe-Gyrgyzystan Işewürler forumyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi.

Türk lider çykyşynda Gyrgyzystan bilen söwdanyň 500 million dollardan hem azdygyny, ony iň gysga wagtyň içinde 1 milliard dollara ýetirjekdiklerini habar berdi.

Global ykdysady ulgamyň täze bir synagdan geçýändigini aýdan Erdogan: “Halkara söwdanyň dollara bolan garaşlylygy barha ulalyp barýan bir mesele bolýar. Öz aramyzda milli pul birlikleri ulanmak bilen dollaryň agalygyny ýuwaş-ýuwaşdan ortadan aýyrmalydyrys” diýdi.

Soňky birnäçe hepde bäri Türkiýäniň sezewar galan hüjümleriň onuň aýdyň bir mysalydygyny aýdan Erdogan: “Bu manipulýasiýa bilen Türkiýäniň berk ykdysadyýetinde şübhe bulutlary emele getirilmäge synanyşylýar. Bilişiňiz ýaly kredit derejelendiriş guramalary bar, olaryň her bir göçümi syýasydyr. Olar derbazçydyr. Hiç wagt derbazçylara ynanmaň. Walýuta kursy hüjüminiň üsti bilen Türkiýäni ykdysady ýagdaýda boýun egdirmek isleýärler. Daşary ýurt walýuta basyşy diňe biziň meselämiz däldir” diýdi.

Erdogan: “Syýahatçylykda Türkiýä şu ýyl 40 million syýahatçy geldi. Nirden nirä. Bu her ýyl has hem artar. Goranyş senagatynda Türkiýe biz hökümetiň başyna gelen mahalymyz öz-özüne ýeterlik derejesi 20 göterim bolan bolsa, şol dereje häzirki wagtda 65 göterim” diýdi.

Russiýa bilen gazanan S-400 ulgamlary bilen bagly ylalaşygymyz käbir töwerekleri biynjalyk edýändigini ýatladan Erdogan: “Zerur bolan zatlarymyzy hökman almalydyrys, käbirlerinden rugsat aljak gümanamyz ýok” diýdi.

Erdogan dostlukly ýurtlara Fetullahçy terror guramasy FETÖ babatynda ýüzlenme berip: “Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy zäherleýän FETÖ ýylanynyň başyny mynjyratmagymyz we bu howpy ortadan aýyrmagymyz gerek. Bu guramanyň agzalarynyň hiç bir dostlukly ýurtda ellerini sallap ýörmeklerini islemeýäris” diýdi.


Etiketkalar: Bişkek , Gyrgyzystan , Erdogan

Degişli Habarlar