ABŞ-niň Ankaradaky ilçihanasyna hüjüm guranlar tussag edildi

ABŞ-niň Ankaradaky ilçihanasyna hüjüm guramak bilen bagly geçirilen derňew işiniň çäginde göz tussaglygyna alynan 6 adamyň 3-i tussag edildi

ABŞ-niň Ankaradaky ilçihanasyna hüjüm guranlar tussag edildi

Göz tussaglygyna alynan 6 adamyň Ankaranyň Içeri işler edarasynyň Terrora garşy göreş bölümindäki işleri tamamlandy.

Şu gün irden kazyýete ugradylan 6 adam, derňew işini alyp barýan Respublikan prokurory Murat Özjana görkezme berdiler.

Prokuror Murat Özjan ilçihananyň binasyna od açan Ahmet Çelikteni, Osman Gündaşy we Ersin Baýramy tussag etmek baradaky talap bilen nobatçy jenaýat kazyýetine gönükdirdi.

Prokuror şübhe astynda bolan beýleki 3 adamy bolsa şertli ýagdaýda azat edilmegini talap etdi.

Nobatçy kazyýet Çelikten, Gündaş we Baýramyň tussag edilmegini, şübhe astynda bolan beýleki 3 adamyň şertli ýagdaýda azat edilmegi barada karar berdi.

Tussag edilenler Sinjan tussaghanasyna alynyp gidildi.



Degişli Habarlar