Prezident Erdogan Gyrgyz Respublikasyna gitdi

PPrezident Erdogan 2 gyrgyz leýtenandy ýurduna alyp gitdi

Prezident Erdogan Gyrgyz Respublikasyna gitdi

Prezident R.T.Erdogan resmi duşuşyklar geçirmek we Türk geňeşiniň 6-njy sammitine gatnaşmak üçin sentýabr aýynyň 1-3-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynda saparda bolar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Erdogan saparynyň çäginde Bişkek şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Soorbaý Jeenbekow bilen özara we topara gepleşikler geçirer.

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahaty hem geçiriler.

Duşuşyklarda Fetullahçy terror guramasynyň Gyrgyz Respublikasyndaky tarapdarlaryna garşy göreşmek, özara we sebitleýin meseleler barada pikir alyşylar.

Erdogan Gyrgyz Respublikasyna gurajak saparynyň ikinji bölüminde bolsa Yssyk Köl welaýatynyň Çolpan Ata şäherinde geçiriljek 3-nji Çarwalar oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen Türk geňeşiniň 6-nji sammitine gatnaşar.

Prezident Erdogan şu ýyl Milli goranyş uniwersitetiniň harby mekdebini tamamlan 2 gyrgyz leýtenandy Gyrgyz Respublikasyna gurajak sapary sebäpli uçaryna çagyrdy.

Harby mekdebi tamamlan leýtenantlar öňin Harby mekdebiň gutardyş dabarasynda diplomlaryny alypdy.

Prezident Erdogan gutaryş dabarasynda daşary ýurtlardan bilim almaga gelen 80 uçruma hem diplomlaryny gowşurdy.

Ady agzalýan uçrumlaryň arasynda iki gyrgyz talybynyň bardygyny öwrenen Prezident Erdogan, gyrgyz leýtenantlary şu gün Gyrgyz Respublikasyna gurajak saparynyň çäginde ýurtlaryna alyp gitmek üçin uçaryna çagyrdy.

Leýtenentlar Şerali Marasulow bilen Asşol Nursulanbekogly şu gün Prezident Erdogan bilen Gyrgyz Respublikasyna gitdi.



Degişli Habarlar