ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Türkiýä gelýär

Jeffri Türkiýede, Ysraýylda we Iordaniýada saparda bolar

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Türkiýä gelýär

 

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri Türkiýä gelýär.

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeffri Türkiýede, Ysraýylda we Iordaniýada saparda bolar

Saparyň çäginde Siriýanyň hökümetiniň İdlibe gurajak operasiýasyna garşy ABŞ-nyň alyp barjak syýasatynyň seljerilmegine garaşylýar.

Amerikaly ýolbaşçylar birnäçe wagtdan bäri Siriýanyň hökümeti himiki ýarag hüjümini guran halatynda hüjüme berk gaýtawul görkezjekdiklerini nygtaýar.

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeffriniň Ysraýyla gurajak saparynyň çäginde bolsa Eýranyň tutumyna garşy görüljek çäreleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy nygtaldy.

 

 

 


Etiketkalar: wekil , Siriýa , ABŞ

Degişli Habarlar