Türk ýaragly güýçleriniň terror guramalaryna garşy tutanýerli göreşi dowam edýär

Terror guramasy PKK-a agza 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň terror guramalaryna garşy tutanýerli göreşi dowam edýär

Terror guramalaryna garşy ýurduň içinde we serhetaşa geçirlen operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara etrapçasynda, harby merkezlere we serhet galalaryna hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçy toparynyň bardygy anyklanyldy.

Etrapçada terrorçylara garşy howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde azyndan 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hataýda bolsa howpsyzlyk güýçlerine hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçy toparyna garşy operasiýa geçirildi.

Howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada ýaragly 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda hem uçarmansyz howa ulagynyň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada PKK-ly 2 terrorçy sag ele geçirildi.

 



Degişli Habarlar