"Siriýanyň Manbij etrabyny terrorçylardan saplamagyň ugruna çykdyk"

Erdogan Ýeňiş baýramy mynasibetli “Serkerdebaşy” çini bilen Prezidentiň kompleksinde banket berdi

"Siriýanyň Manbij etrabyny terrorçylardan saplamagyň ugruna çykdyk"

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Manbij etrabyny terrorçylardan saplamagyň ugruna çykandyklaryny aýtdy.

Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy  we Türk ýaragly güýçleriniň döredilen güni mynasibetli “Serkerdebaşy” çini bilen Prezidentiň kompleksinde banket berdi.

Banketde çykyş eden Prezident Erdoganyň gün tertibinde Siriýada we Yrakda dowam edýän operasiýalar esasy orun eýeledi.

Siriýa serhedinde döredilmäge çalşylan terror koridoryny ýykandyklaryny aýdan Erdogan “Jarabus, Al Bab liniýasynda DAIŞ-iň, Afrinde hem PÝD/ÝPG-niň oýunyny bozduk” diýdi.

Prezident  Erdogan Yrakda Sinjaryň täze Kandile öwrülmezligi üçin tutanýerli tutum alyp barýandyklaryny nygtady.

Prezident Erdogan Amerikaly ýolbaşçylar bilen Siriýanyň Manbij etrabynyň terrorçylardan saplanmagy üçin gepleşik geçirýändiklerini belledi.

Türkiýä garşy alnyp barylýan ykdysady söweş barada hem durup geçen Prezident Erdogan “Ykdysady çökgünligi başdan geçirmeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar