Hakkaride PKK-a agza azyndan 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Etrapda guralan howa hüjüminde terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirildi

Hakkaride PKK-a agza azyndan 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Hakkaride geçirlen operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza azyndan 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda 30-njy awgustda Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Howa hüjüminde harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan PKK-ly 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda hem PKK-ly 4 terrorçynyň ýeri uçarmansyz howa ulagy arkaly anyklanyldy.

Etrapda guralan howa hüjüminde terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar