"Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 raketalary NATO agza ýurtlar üçin howply däl"

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Russiýadan satyn aljak S-400 raketalarynyň NATO agza ýurtlar üçin howply bolmandygyny aýtdy

"Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 raketalary NATO agza ýurtlar üçin howply däl"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Russiýadan satyn aljak S-400 raketalarynyň NATO agza ýurtlar üçin howply bolmandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda saparda bolan Mejlisiň başlygy Ýyldyrym, İçtimai telewideniýesinde ýaýlyma berilýän gepleşige gatnaşdy.

Gepleşikde Russiýadan alynjak S-400 raketalary barada durup geçen Ýyldyrym, raketalaryň NATO agza ýurtlar üçin howply bolmandygyny nygtady.

ABŞ-nyň we NATO agza ýurtlaryň Türkiýä howa goranyş ulgamlaryny satmandygy üçin raketa ulgamlarynyň Russiýadan satyn alynjakdygyny aýdan Ýyldyrym, raketalaryň esasan ýurduň günorta serhedinden abanýan howplara garşy ulanyljakdygyny belledi.

Gresiýanyň hem şol raketalardan satyn alandygyny ýatladan Binali Ýyldyrym, diňe Türkiýä garşylyk görkezilmegini bolsa tankyt edi.

 

 



Degişli Habarlar