Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy

Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Prezident R.T. Erdogan Atatürkiň Aramgähine gül desselerini goýar

zafer bayrami.jpg

Ýeňiş baýramynyň 96 ýyllygy ýurduň çar tarapynda we daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Prezident R.T. Erdogan Atatürkiň Aramgähine gül desselerini goýar.

Erdogan, Prezidentiň kompleksinde 30-njy awgust Ýeňiş baýramagyna bagyşlan gutlaglary kabul eder, Gury ýer güýçleriniň harby merkezinde Milli Goranyş uniwersitetini tamamlan uçrumlaryň gutardyş dabarasyna gatnaşar we Prezidentiň kompleksinde Ýeňiş baýramy mynasibetli ýörite bankter berer.

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly hem “Kojatepeden Dumlupynar-Zafertepä, Garaşsyzlyga tarap barýan ýolda” şygary bilen Kütahýa welaýatynda 30-njy awgust Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp geçiriljek çärä gatnaşar.

Beýik Baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygyndaky Türk ýaragly güýçleri 96 ýyl ozal  şu gün dünýäniň taryhynyň iň uly gahrymançylyk dessanlaryndan birini ýazyp, basyp alyjy güýçleri ýurtdan kowup çykarmak üçin garaşsyzlyk oduny ýakyp Beýik hüjümi başlatdy.

Beýik hüjüm Dumlupynarda Baş serkerdelik meýdan söweşinde ýeňiş gazanylmagy bilen tamamlandy.

Mustafa Kemal serkerde Beýik Ýeňişiň yzy ýanyndan 1-nji sentýabrda Dumlupynarda Günbatar frondyndaky güýçlere “Esgerler ilkinji nyşanamyz Ortaýer deňzidir; öňe!”diýip buýruk berdi.

27-nji awgustda Afýonkarahisarda, 30-njy awgustda Kütahýada, 1-nji sentýabrda Gedizde, 3-nji sentýabrda Emetde we Tawşanlyda ýeňiş gazanyldy.

9-njy sentýabrda İzmirde grek goşunyny deňize döken Türk ýaragly güýçleri Mustafa Kemal Paşanyň buýrugy bilen uly ýeňişler gazandy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar