Prezident Erdogan Eýranyň Daşary işler ministri Zarifi kabul etdi

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy

Prezident Erdogan Eýranyň Daşary işler ministri Zarifi kabul etdi

 

Prezident R.T. Erdogan Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifi kabul etdi.

Paýtagt Ankarada metbugata ýapyk häsiýetinde Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi jaýynda bolan duşuşyk 1 sagada golaý dowam etdi .

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif soň bolsa kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly duşuşykdan soň Twitter arkaly beren beýanatynda “Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif bilen Siriýadaky soňky wakalar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar