Milli Goranmak ministri Akar bilen Russiýanyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş sebitara howpsyzlyk, Siriýadaky soňky wakalar we özara gatnaşyklar barada pikir alyşdy

Milli Goranmak ministri Akar bilen Russiýanyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde sebitara howpsyzlyk, Siriýadaky soňky wakalar we özara gatnaşyklar barada pikir alyşdy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar rus kärdeşi Şoýgu bilen soňky 2 hepde-de 2 gezek özara duşuşyk geçirdi we 1 gezek hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Hulusi Akar Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan bilen birlikde awgust aýynyň 17-de we 24-de Moskwada saparda bolupdy we Russiýanyň Goranmak ministri Şoýgu bilen özara duşuşyk geçiripdi.

 

 



Degişli Habarlar