“Bizi abaý-syýasatlar bilen boýun egdirmek mümkin däl”

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Türkiýä yglan eden ykdysady söweşine berk reaksiýa bildirdi

“Bizi abaý-syýasatlar bilen boýun egdirmek mümkin däl”

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Türkiýä yglan eden ykdysady söweşine berk reaksiýa bildirdi.

Prezident Erdogan Radio-telewizion žurnalistleri jemgyýetiniň 2017-nji ýylyň däbe öwrülen “Media oskarlary baýragynyň gowşurlyş dabarasynda” çykyş etdi.

Erdogan Türkiýä strategik hyzmatdaş bolan ýurduň şol çemeleşmesini düşündirere sözüň ýokdugyny beýan etdi. “Bizi abaý-syýasatlar bilen boýun egdirmek mümkin däl” diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda ykdysadyýetde täze ösüş tapgyrynyň başlajakdygyny duýdurdy. Ýurduň ähli serişdeleriniň mobilizlenendigini, Türkiýäniň daşary ýurtlardaky dostlarynyň Türkiýäniň göreşine goldaw berýändigini gürrüň berdi. “Türkiýäniň alternatiwsiz däldigini hemmeler görer” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar