Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda täze döwür başlaýar

Prezident dolanşygy hökümet ulgamynyň ilkinji Özgertmeler boýunça işjeň toparynyň maslahaty Daşary işler ministrliginiň ÝB edarasynda geçirildi

Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda täze döwür başlaýar

Maslahata Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Adalat ministri Abdulhamit Gül, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak bilen İçeri işler ministri Süleýman Soýlu gatnaşdy.

Maslahatdan soň beýanat beren Daşary işler ministri Çawuşogly; “Syýasy özgertmeler tapgyrynyň depgininiň güýçlendirilmegi barada ylalaşdyk. Prokratiýa azaldyp, ýokary depginli başlangyçlar ederis. Ýewropa Geňeşi bilen ýakyndan işleşmegi nazarda tutýarys. ÝB bilen gatnaşyklarymyzda netije alynjak ugurlara gönügeris” diýdi.

Adalat ministri  Abdulhamit Gül bolsa kazyýet ugurlary boýunça ÝB bilen gatnaşyklaryň dowam etjekdikdigini beýan etdi.

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak bolsa awgust aýynyň başyndan bäri ABŞ tarapyndan türk ykdysadyýetine hüjüm edilýändigini, türk ykdysadyýetine garşy beýanatlar bilen dartgynlygyň möwjändigini nygtap, Ýewropadan hyzmatdaşlyga gelişýän beýanatlaryň berilendigini aýtdy.

İçeri işler ministri Süleýman Soýly bolsa Türkiýäniň bir tarapdan ÝB-ne beren wadalaryny berjaý etmäge synanşýarka beýleki tarapdan terrorçylyga garşy göreşini dowam etdfirýändigini nygtady.

Ministr Soýly: “Terrorçylyga garşy göreş, bikanun göç, ÝB bilen baglanşykly. Özgertmeleriň ygtyýary bilen eriş-argaç geçýän düşünjäni dowam etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar