Çawuşogly ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň resmi bolmadyk maslahatyna gatnaşar

Maslahatda ÝB-ne agza ýurtlaryň alyp barýan daşary syýasaty seljerler

Çawuşogly ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň resmi bolmadyk maslahatyna gatnaşar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly üstümizdäki aýyň ahyrynda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçiriljek ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň resmi bolmadyk maslahatyna gatnaşar.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, awgust aýynyň 30-31-i aralygynda geçiriljek maslahata ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini bilen ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Awstriýanyň Daşary işler ministri Karin Kneisseliň hem gatnaşjakdygy nygtaldy.

Maslahatda ÝB-ne agza ýurtlaryň alyp barýan daşary syýasaty seljerler.

Maslahatda şeýle hem sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkiýäniň adyndan maslahata gatnaşjak Daşary işler ministri Çawuşogly Ýewropaly kärdeşleri bilen özara gepleşikler hem geçirer

 

 

 



Degişli Habarlar