Şyrnakda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

PKK-a garşy geçirlen operasiýada 5 terrorçynyň ýeri anyklanyldy

Şyrnakda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda geçirlen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýat häkimliginden berlen beýanata görä, Betüşşebap etrabynyň Faraşin ýaýlagynda PKK-a garşy geçirlen operasiýada 5 terrorçynyň ýeri anyklanyldy.

Beýanatda Howa güýçleri serkerdeliginiň goldaw bermeginde ýerleri anyklanylan terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Welaýatda operasiýalar dowam edýär.

 



Degişli Habarlar