Erdogan Ştenmeier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdoganyň geljegiň aýyň ahyrynda Germaniýa gurajak döwlet saparyna görülýän taýarlyklar barada-da durlup geçildi

Erdogan Ştenmeier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Şteinmeier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Diwanyndan alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde aktual meselelere-de garaldy.

Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky geňeş we hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ýaňadandan herekete geçirilmegine kanagatlanma bildiren liderler, gatnaşyklaryň ösdürilmegi baradaky isleglerini nygtadylar.

Telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdoganyň geljegiň aýyň ahyrynda Germaniýa gurajak döwlet saparyna görülýän taýarlyklar barada-da durlup geçildi.

Prezident Erdogan we nemes kärdeşi Şteinmeier iki ýurduň daşary işler, gazna we maliýe ministrleriniň arasynda golaýda geçiriljek duşuşyklaryň gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine goşant goşjakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar