Çawuşogly: “Indi abaý-syýasat bir gyra goýulmaly”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ bilen gatnaşyklar barada beýanat berdi

Çawuşogly: “Indi abaý-syýasat bir gyra goýulmaly”

Çawuşogly: “Indi abaý-syýasatdan el çekilmeli. Kowboý kino-filmlerindäki ýaly “men islänimi ederin” diýlen halatynda onuň garşylygy bolar” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Litwa guraýan saparynyň çäginde kardeşi Linas Linkewikus bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Amerikan wekiliýetiniň iki ýurduň arasyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýede geçiren duşuşyklary barada beýan beren Çawuşogly; “Kongresiň agzalarynyň Türkiýä gelmegi möhüm. Gatnaşyklaryň ösmegi üçin tagalla edýän kongresmenler bar. Ähli kynçylyklara garamazdan dialogyň bolmagy möhüm” diýdi.

Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş  ulgamlaryny almagynyň ABŞ-da nägilelik döredendigine ünsi çeken ministr Çawuşogly; “Indi gatnaşyklary ösdürmek üçin abaý-syýasaty gyra goýmaly. Howa goranyş ulgamlary Türkiýä gyssagly gerek. ABŞ-nyň başda durmagynda birnäçe ýurtdan isledik. Olar bize satmady ýa-da satmak islemedi. Türkiýä gyssagly gerek. Häzirki wagtda gyssagly işlegimizi kanagatlandyrmak üçin harby hyzmatdaşymyz ýok gynansagam” diýdi.

Türkiýäniň degişli bolmagynda bilelikdäki F-35 harby uçarlarynyn ABŞ-dan Türkiýä gowşurylmagy baradaky garşylyklar hakynda-da durup geçen Çawuşogly; “Biz onsuz hem F-35-iň şärigi. “Men isleýän, Türkiýe çykar.” Kowboý kino-filmlerindäki ýaly “men islänimi ederin” diýse, onuň garşylygy bolar. Bir ýurduň başga bir ýurt baradaky adalatsyz kararlaryna biz goşulmaga mejbur däl” diýdi.

Türkiýäniň Russiýa bilen kadaly dowam edýän gatnaşyklaryna-da ünsi çeken Çawuşogly; “Russiýa bilen gatnaşyklarymyz ÝB bilen gatnaşyklara ýa-da ABŞ-na alternatiw däl. Türkiýäniň daşary syýasaty deňagramlylyga esaslanýar” diýdi.



Degişli Habarlar