Bikanun göçe garşy göreş dowam edýär

Izmirde Gresiýa gitmäge synanşan 183 bosgun saklandy

Bikanun göçe garşy göreş dowam edýär

Izmiriň Çeşme etrabynda bikanun ýollardan Gresiýa gitmäge synanşan 183 bosgun saklandy.

Kenarýaka howpsyzlyk güýçleri Alaçaty etrapçasynyň Mersinli aýlagynda bosgun toparlarynyň bardygy anyklady.

Kenarýaka howpsyzlyk güýçleriniň geçiren operasiýasynda Merkezi Afrika, Yrak, Palestina we Siriýa ýaly birnäçe ýurtdan bolan 139 adamy saklady.

Alew adasynyň öňünde geçirlen operasiýada hem 21-i siriýaly, 10-y palestinaly we 13-i yrakly bolmak bilen daşary ýurtly 44 adam saklandy.

Kyrklareli welaýatynda hem bikanun ýollardan daşary ýurda gitmäge synanşan 32 bosgun saklandy.

Bolgariýa serhedindäki Dereköý gümrük geçelgesi bilen Babaeski etrabynda bikanun ýollardan Ýewropa gitmek üçin taýarlyk görýän toparyň saklanmagy üçin operasiýa geçirildi.

Operasiýada owganystanly, yrakly we pakistanly 32 adam saklandy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar