"Türk Milleti 1071-nji ýylda Malazgirtde nähili bir milletdigini älem-jahana görkezdi"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türk Milletiniň 1071-nji ýylda Malazgirtde nähili bir milletdigini älem-jahana görkezendigini nygtady

yildirim malazgirt.jpg

Erdogan Bitlis welaýatynyň Ahlat etrabynda Malazgirt ýeňişiniň 947 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy. 

Ol ýerde söz sözlän Prezident Erdogan: "Malazgirt, ondan ozalky ýyllara ser salynanda Mekke, Iýerusalim diýmekdir, ondan soňky ýyllara ser salynanda bolsa Bursa, Edirne, Stambul, Rumili, bütin Balkanlar diýmekdir. Malazgirt ruhumy ýadymyzdan çykarsak öňümizem galmaz, soňumyzam. Biz Malazgirtde nähili bir milletdigimizi älem-jahana görkezdik" diýip belledi. 

Anadolynyň bir bentdigini aýdan Erdogan: "Bu bent ýumrulsa Orta Gündogaram galmaz, Afrikada galmaz, Orta Aziýada galmaz, Balkanlaram galmaz, Kawkazlar hem galmaz" diýdi. 

Erdogan Ahlat etrabynda 10 gektarlyk meýdanda, 1071 ind metrlik ýere eýe bir çadyr merkezini gurjakdyklaryny habar berdi. 

Prezident Erdogan çäräniň çäginde ýanyndaky wekiliýet bilen bilelikde Ahlat etrabyndaky Selçukly Meýdan gonamçylygyny zyýarat etdi. 

Ol ýerde hem halka ýüzlenen Erdogan 2023, 2053 we 2071-nji ýyllaryň möhümdigini belläp, jebislik we agzybirligiň wajypdygyny nygtady we "Biri-biriňizi söýüň, kine saklamaň, aýralyga düşmäň" diýdi. 

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym eden çykyşynda bolsa: 'Biziň jebisligimizi bozmaga synanyşýanlar şulary bilsin: esasymyz örän berk bolanlygy üçin ony başaryp bilmezler" diýip belledi. 

Binali Ýyldyrym Türkiýede ykdysady zarbalaryň we 15-nji iýul ýaly hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşyklarynyň netije bermändigini beýan etdi. 

Ýyldyrym Türkiýä howp salmaga synanyşýanlaryň gerek bolan jogabyny hemişe artykmajy bilen jogabyny alandyklaryna ünsleri çekdi. 

Seljukly Soltany Alparslan 1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Muşda ýerleşýän Malazgirt meýdanynda Wizantiýa imperiýasynyň goşunyny derbi-dagyn etdi. Şeýlelik bilen Anadolynyň gapylary türklere açyldy. 

 


Etiketkalar: Malazgirt , Anadoly , Bitlis , Erdogan

Degişli Habarlar