Terrora garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitine howa hüjümini gurady

Terrora garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam edýär

Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Bingöl welaýatynyň Karlyowa etrabynda geçirilen operasiýada Terroryň gözlenýänler sanawynda çal kategoriýa boýunça gözlenýän PKK-ly 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýada 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Agry, Şyrnak we Tunjeli welaýatlarynda geçirilen operasiýalarda hem 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şyrnakda ele salynan terrorçylaryň 1-iniň terror guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri bolan, "Mazlum Goyi" adyny ulanýan Mazlum Kaçandygy habar berildi.



Degişli Habarlar