Beýik Çozuşyň 96 ýyllygy Afýonkarahisarda dabara bilen bellenilip geçildi

Ýeňiş ýörüşine gatnaşan ýüzlerçe adam, ata-babalarynyň yzyndan ençeme kilometr ýol ýörediler

buyuk taarruz4.jpg
buyuk taarruz3.jpg
buyuk taarruz2.jpg
buyuk taarruz1.jpg

Gazy Mustafa Kemal Atatürk 96 ýyl ozal Afýonkarahisaryň Şuhut etrabyndaky ştabyndan Beýik Çozuşyň edilmegi barada buýruk berdi.

Beýik Çozuş bilen şu günki Türkiýe Respublikasynyň düýbi tutuldy.

Ýeňiş dabarasynyň ilkinji salgysy “Atatürk Öýi” diýip bilinýän “Çozuş ştaby” boldy.

“Atatürk Öýüniň” öňünden atly toparlar Izmire tarap ýola çykdylar.

Atly toparlar Anadolyny duşman gabawyndan halas eden Türk goşuny ýaly 9-njy sentýabrda Izmirde bolarlar.

Şaheriň stadionynda bolsa 1922-nji ýylda grek basyp alyjylygyna garşy söweşen adamlaryň başdan geçirinlerini suratlandyrýan sahna görkezildi.

Türkiýäniň çar tarapyndan baran ýüzlerçe adam Ýeňiş ýolunda bir ýere jemlendiler.

96 ýyl ozal taryha atlaryny ýazdyran adamlaryň bu gezek agtyk-çowluklary bir ýere jemlendiler.

13 kilometrlik ýoly käbirleri ellerindäki bäbekleri bilen ýörän bolsa, käbirleri Türk baýdaklary bilen ýörediler.

Ýeňiş ýörüşine ozalky Tokaýçylyk we suw işleri ministri Weýsel Erogly bilen Afýonkarahisaryň gubernatory Mustafa Tutulmaz hem gatnaşdy.

Kojatepä çenli dowam eden Ýeňiş ýörüşi irdene çenli dowam etdi.



Degişli Habarlar