Agry welaýatynda bir esger şehit boldy

Agry welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada 21-nji awgustda agyr ýaralanan esger bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy

Agry welaýatynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda welaýatyň Dogubaýazyt diýilen ýerinde 21-nji awgustda ekstremist terror guramasyna garşy geçirilen operasiýada 1 esgeriň agyr ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýanatda: “Gahryman esgerimiz bejergi alýan hassahanasynda ähli edilen tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi, şehit boldy. Bizi gam-gussa batyran we örän gynandyran bu hüjümde ýogalan şehidimize Alladan rehnet, şehit bolan esgerimiziň maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we beýik türk milletine gynanç we sabyr dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar