Prezident Erdogan Malazgirt ýeňişi we Ýeňiş hepdeligi mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde jebislige we bitewilige ünsi çekdi

Prezident Erdogan Malazgirt ýeňişi we Ýeňiş hepdeligi mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

 

Prezident R. T. Erdogan Malazgirt ýeňişi we Ýeňiş hepdeligi mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan Malazgirt ýeňişinden ylham alýan halkyň içerden we daşardan guralýan hüjümlere garamazdan müňlerçe ýyldan bäri bu topraklarda barlygyny dowam etdirýändigini belledi.

Anadolynyň ebedi watan bolmagyny üpjün eden Malazgirt ýeňişiniň we garaşsyzlyk göreşiniň öwrülşik nokady bolan Beýik hüjümiň ýeňiş bilen netijelenen awgust aýynyň soňky hepdesiniň buýsançly ýagdaýda “Ýeňiş hepdeligi” hökmünde bellenilip geçilýändigini aýdan Erdogan “ “Eziz halkymyzyň Malazgirtde 1071-nji ýylda başladan şanly ýörişi, ähli kynçylyklara garamazdan gazanylan ýeňişden soň, Respublikanyň gurulmagy bilen çar paýa galdy. 30-njy awgustda “Ýa garaşsyzlyk ýa ölüm” şygary bilen aýa galan bu milletiň nämeleriň hötden gelip biljekdigi, garaşsyzlygy we mertebesi üçin janyny pida edip biljekdigi bütin dünýä yglan edildi” diýdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde  hiç kimiň Türkiýäniň 2023, 2053 we 2071-nji ýyllar üçin kesgitlän maksadyna ýetmegini bökdäp bilmejekdigini nygtady.

R. T. Erdogan 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyna garşy göreşde hem Malazgirt ruhynyň özüni görkezendigini belledi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde jebislige we bitewilige ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar