Çawuşogly Moskwadaky saparyndan soň Tatarystana bardy

Çawuşogly Kazanda Prezident Rüstem Minnihanow bilen duşuşdy

Çawuşogly Moskwadaky saparyndan soň  Tatarystana bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky saparlaryň, sebitiň howpsyzlygy, durnuklylygy we asudalygy üçin diýseň möhümdigini aýtdy.

Çawuşogly Moskwadaky saparyndan soň Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Awtanomiýasynyň paýtagty Kazanda Prezident Rüstem Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Çawuşogly, Russiýa guran saparynyň birinji duralgasynda kärdeşi Sergeý Lawrow bilen bolan duşuşygynyň netijeli geçendigini belledi.

Türk resmi wekiliýetiniň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan kabul edilendigini ýatladan Çawuşogly, duşuşykda sebitara we halkara meseleleriň seljerlendigini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Iki lideriň Erdogan bilen Putiniň we biziň aramyzdaky saparlar iki ýurt bilen birlikde sebitiň howpsyzlygy, durnuklylygy we asudalygy üçin diýseň möhüm” diýdi

Russiýanyň Türkiýe üçin esasy hyzmatdaşdygyna ünsi çeken Çawuşogly, Moskwadan soň Kazanda saparda bolmakdan hoşaldygyny belledi.

Tatarystanyň Prezidenti Minnihanow bolsa Türkiýäniň Tatarystandaky maýa goýumlary sebäpli Prezident Erdogana we Türkiýeli ýolbaşçylara sag bolsun aýtdy.

Minnihanow “Birnäçe türk firmasy dürli ugurlarda iş alyp barýar” diýdi.

Türkiýe bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda mukdarynyň geçen ýyl 40 göterim artandygyna ünsi çeken Minnihanow “Geljekde birlikde has uly taslamalary durmuşa geçireris”diýip belledi.



Degişli Habarlar