Türkiýäniň Daşary işler ministri rus kärdeşi bilen duşuşdy

Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Idlib şäherinde harby çözgüdiň betbagtlyga sebäp boljakdygyny belledi

akar-fidan-soygu.jpg
cavusoglu rusya1.jpg

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň paýtagty Moskwada kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Çawuşogly, Lawrow bilen Siriýada başdan geçirilýän çaknyşyklar barada pikir alyşandygyny habar berdi.

“Siriýada od açmazlyk baradaky ylalaşygy dowam etdirmegimiz üçin Russiýa bilen gepleşikleri dowam etdirmegimiz möhüm” diýen Çawuşogly: “Idlib çaknyşyksyz zolagynyň goralmagy Siriýa üçin, adamzat taýdan, terrora garşy göreş taýdan örän möhümdir. Radikal toparlaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi ählimiz üçin möhüm” diýdi.

Idlibde harby çözgüdiň Siriýanyň geljegi taýdan uly betbagtlykdygyny aýdan Çawuşogly, Idlibe hüjüm guramagyň, ýüz müňlerçe adamyň ýogalmagyna, millionlarça adamyň öýlerini terk etmegine eltjekdigini nygtady.  

Siriýada syýasy çözgüt üçin konstitutsiýanyň wajypdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly Soçi formatyndaky üçtaraplaýyn liderler maslahatynyň öňümizdäki günlerde Eýranda geçiriljekdigini habar berdi.

Russiýa bilen edilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: “Gatnaşyklarymyzy ähli ugurda ýokary derejä ýetirmek üçin köp tagalla edýäris. Bu ýakyn gatnaşyga we dostluga käbir ýurtlar göriplik edýär. Russiýa biz üçin strategik hyzmatdaşdyr” diýdi.

Russiýadan gelen syýahatçylaryň sanynyň dowamly häsýetde artmagynyň özlerinde hoşallyk döredýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly şu ýyl 6 milliona golan rus syýahatçyny myhman etmekden bagtyýardyklaryny habar berdi.  

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Siriýanyň asudalyga we parahatçylyga gowuşmagyny isleýändiklerini belläp, Idlibiň köptaraplaýyn bir problemadygyny, raýat we ýaragly oppozisionerleriň bardygyny beýan etdi.

Russiýanyň we Türkiýäniň siriýaly bosgunlaryň howpsyz ýagdaýda öýlerine gaýdyp barmaklary üçin umumy tagalla edýändigini aýdan Lawrow umumy meýilnamanyň içinde terrorçylaryň köklerini goparmak bardygyny habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin bilen hem duşuşar.



Degişli Habarlar