Binali Ýyldyrym walýuta kursy bilen bagly beýanat berdi

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym walýuta kursyndaky durnuksyzlygyň ykdysady däl, eýsem syýasydygyny nygtady

1032007
Binali Ýyldyrym walýuta kursy bilen bagly beýanat berdi

Binali Ýyldyrym Ilçileriň 10-nji konferensiýasy mynasybetli Türkiýä gelen ilçiler bilen Çankaýa köşgünde duşuşdy.

Ilçilere ýüzlenip çykyş eden Binali Ýyldyrymyň gün tertibinde ykdysady meseleler bardy.

Sanksiýa girizmek barada karar kabul eden ABŞ-niň hökümetine nägilelik bildiren Ýyldyrym: “ABŞ-niň hökümeti ençeme beýanatlar bilen, jedeller bilen, sanksiýalar bilen Donald Trampyň jogapkärçiliksiz twittleri bilen isleýänini etdirmegiň ýerine, kanunlarymyza hormat goýup çözgüt gözlemelidir” diýdi.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygynyň jogapkäri Fetullahçy terror guramasy FETÖ we ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşygy bardygy anyklanan we özüne garşy kazyýet işi gozgalan amerikaly bir popyň öý tussaglygyna alynmagy bilen baglanşykly iki ýurdyň arasynda başdan geçirillýän wakalaryň üstünde durup geçen Binali Ýyldyrym: “Entegem çözgüt ýollarynyň bardygyny, çözgüt üçin meselä asudalyk bilen çemeleşilmeldigini pikir edýäris.  Bu babatda ABŞ ilkinji ädimi etmelidir we arkalaşykly bir nokada gelmelidir” diýip belledi.

Binali Ýyldyrym: “Halkara jemgyýeti herekede geçirmek, ýurtlary we adamlary has gowy ýagdaýda habardar etmek hormatly ilçilerimiziň iň uly wezipesidir. Türkiýe bu krizisden üstünlikli ýagdaýda baş alyp çykar. Walýuta kursyndaky durnuksyzlyk ykdysady däl, eýsem syýasydyr” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar