Söwda ministrligi Amerikanyň salgyt kararyna reaksiýa bildirdi

Söwda ministrligi amerikan hökümetiniň Türkiýä goýuljak goşmaça salgytlaryň Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünlerine bap gelmeýändigini beýan etdi

Söwda ministrligi Amerikanyň salgyt kararyna reaksiýa bildirdi

Ministrlik Türkiýeden ediljek alýumin we polat importynda gümrük salgytlarynyň nobaty bilen 20 we 50 göterime çenli ýokarlandyryljakdygyny beýan eden ABŞ-nyň hökümetiniň şol mukdary üstümizdäki ýylyň 23-nji martynda ähli ýurtlara nobaty bilen 10 we 25 göterim mukdarynda güýje girizendigini ýatladyp: “Amerika hökümeti tarapyndan kabul edile kararda esasy zyýan çekýän iki ýurdun öndürijileri, hususy pudagy we eksportçylar” diýilýär.

Beýannamada; “Amerikan hökümeti tarapyndan ozal beýan edilen polada we alýumine gümrük salgytlary bilen birlikde şu gün goýulan goşmaça salgytlar Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünlerine bap gelmeýär” diýilýär.

Ministrligiň beýanatynda: “Türkiýe öz söwda syýasatyny Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitläp, iş ýüzüne geçirişi ýaly başga ýurtlardan hem halkara düzgünleri gyşarnyksyz berjaý etmeklerine garaşýar” diýilýär.



Degişli Habarlar