Prezident Erdogan rus lideri Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara meseleleri seljerdi

Prezident Erdogan rus lideri Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Baýburt welaýatyna guran iş saparynyň çäginde rus lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Prezident Erdogan özara we sebitara meseleleri seljerdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň gün saýyn ösmegine, goranyş senagaty we energetika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň dowam etmegine hoşallyk bildiren iki lider, Siriýa krizisinde we Astana etabynda ýetilen soňky sepgit barada hem pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar