Erdogan: “Ykdysady uruşda ýeňilmeris”

Prezident R.T.Erdogan türk lirasynyn soňky günlerdäki durnuksyzlygy barada: “Ykdysady uruşda ýeňilmeris” diýdi

Erdogan: “Ykdysady uruşda ýeňilmeris”

Erdogan Baýburt welaýatyna guraýan saparynyň dowamynda walýuta kurslaryndaky ýokarlama barada beýanat berdi.

Prezident: “ykdysady urşuň bardygyny” ýene-de bir gezek nygtap; “Ykdysady uruşda ýeňilmeris” diýdi.

Erdogan düýn Rize welaýatynda: “Dürli kampaniýalar alynyp barylýar. Şol kampaniýalar gulak asmaň. Şuny ýatdan çykarmaň; olaryň dollary bar bolsa, biziň halkymyz, hakymyz, allamyz bar. Biz arman-ýadaman işläris, irginsiz işläris. Enşalla respublikanyň 100-nji ýylyna, 2023-nji ýyla başgaça gireris. Meniň oňa imanym bar, ynamym bar” diýipdi.



Degişli Habarlar