Albaýrak Täze ykdysady dolanşyk modelini yglan etdi

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak pul syýasatlarynyň doly garaşsyz dowame etjekdigini aýtdy

Albaýrak Täze ykdysady dolanşyk modelini yglan etdi

Ministr Albaýrak; “Täze ykdysady çemeleşmede ähli bazar hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli aragatnaşygyň we ynamyň ýola goýulmagy esasy ýörelgämiz bolar” diýdi.

Albaýrak; “Pul syýasatlarynyň doly garaşsyzlygynyň üpjün edilmegi beýleki bir ýörelgämiz” diýdi.

Berat Albaýrak; “Täze ykdysady dolanşyk modeliniň ugurlaryny; “İnflýasiýa garşy egilşiksiz göreş, Gazna we maliýe ministrliginde berk gözegçilik, nagt ýetmezçiliginiň azaldylmagy” hökmünde beýan etdi.

Işewürler we ykdysatçylar bilen meýilleşdirilen maslahatlaryň dowam etjekdigini beýan eden Albaýrak; “Täze döwür Türkiýäniň ähli guramalary, ähli giň gerimli strategiýalary, has güýçli we ýokary depginli syýasatlar bilen maksatlaryna tarap okgunly gitjek döwri bolar” diýdi



Degişli Habarlar