Wise-prezident Fuat Oktaý Ysraýyla nägilelik bildirdi

Oktaý: “Iýerusalim Palestinanyň paýtagtydyr we paýtagty bolmaga dowam eder” diýdi

Wise-prezident Fuat Oktaý Ysraýyla nägilelik bildirdi

Wise-prezident Fuat Oktaý Ysraýylyň Parlamendi tarapyndan tassyklanan Ýewreý milli döwleti kanunynyň Türkiýe Respublikasy tarapyndan kabul edilmejekdigini nygtap: “Iýerusalim Palestinanyň paýtagtydyr we paýtagty bolmaga dowam eder” diýdi.

Twitteriň üsti bilen beýanat beren Wise-prezident Fuat Oktaý Ysraýylda tassyklanan Ýewreý milli döwleti kanuny bilen baglanşykly beýannama berdi.

Fuat Oktaý: “Adaty hukuk we azatlyklary ýok hökmünde garaýan Ysraýylyň Parlamendi Ýewreý milli döwleti kanuny ady bilen umumymilli hukuk ýörelgelerini äsgermedi. Bular ýaly kanun Türkiýe Respublikasy tarapyndan kabul edilmez. Iýerusalim Palestinanyň paýtagtydyr we paýtagty bolmaga dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar