Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýene-de 43 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

Operasiýalaryň netijesinde terror guramasyna degişli köp mukdarda ok-däri ýok edildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýene-de 43 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 13-19-njy iýul aralygynda Şyrnak, Mardin, Erzurum, Bingöl welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda geçirilen operasiýalarda ýene-de 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýalaryň netijesinde terror guramasyna degişli köp mukdarda ok-däri ýok edildi.

Siriýanyň Afrin sebitinde 19-njy ýanwardan bäri dowam edýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4 müň 545-e ýetdi.  

2018-nji ýylyň 18-nji martynda gözegçilik astyna alynan Afrinde mundan başgada 251 sany mina we 1 müň 325 sany elde ýasalan partlaýjy hatardan çykaryldy.



Degişli Habarlar