Türkiýe Owganystandaky hüjümleri ýazgardy

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgardy

1013582
Türkiýe Owganystandaky hüjümleri ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda başdan geçirilen terrorçylykly hüjümleriň netijesinde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygyny gynanç bilen öwrenilendigi habar berildi. 

Beýanatda: "Owganystanyň jemgyýetçilik asudalygyny nyşana alan bu hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýarys, ýogalan adamlara Alaldan rehnet, dostlukly Owganystanyň hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris" diýildi. 

Kabulda Obalaryň Galkynyşy ministrliginiň girelgesinde guralan kamikaze hüjüminde 6 adam ýogaldy, 6 adam bolsa ýaralandy. 

Kabulyň Şahri New diýilen ýerinde düýn günortan hökümete garşy geçirilen protest ýörüşlerinde bir hüjümçi kamikaze hüjümini gurady. 

 



Degişli Habarlar