Türkiýäniň Prezidenti fransiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti fransiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

NATO maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele baran Prezident Erdogan, maslahatyň 2-nji gününde ikiçäk duşuşyklar geçirýär. 

Şol çäkde Erdogan fransuz kärdeşi Makron bilen duşuşdy. 

Duşuşyk 1 sagat 15 minut dowam etdi. 

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan düýn bolsa Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşyk geçiripdi. 

 



Degişli Habarlar