Yragyň demirgazygyna howa hüjümleri guraldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a degişli 28 nyşana ýer bilen ýegsan edildi

Yragyň demirgazygyna howa hüjümleri guraldy

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä düýn Yragyň demirgazygyndaky Metina, Zap, Awaşin-Basýan, Hakurk, Gara we Kandil sebitlerine howa hüjümleri guraldy.

Howa hüjümlerinde gaçybatalga, gowak we ammar hökmünde ulanylan ýerler üstünlikli ýagdaýda ýok edildi.

Terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi mälim edildi.



Degişli Habarlar