Türkiýe NSU işiniň netijesinden hoşal däl

DİM Çawuşogly Germaniýadaky Nasional sosialist terror guramasy (NSU) baradaky kazyýet işiniň sözüň hakyky manysynda ženaýatkärleri ýüze çykarmandygyny aýtdy

1010569
Türkiýe NSU işiniň netijesinden hoşal däl

NATO-nyň maslahatyna gatnaşmak üçin Brýusselde bolýan Çawuşogly; “Ženaýatlaryň aňyrsynda kimler bar, howpsyzlyk gullugynyň düzüminde kim bar, döwletiň içinde kim bar, haýsy guramalar bar, ýüze çykarylsyn we olaram žezalandyrylsyn” diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň NATO-da Hemişelik wekilhanasynda metbugata beren beýanatynda Germaniýada bäş ýyldan bäri dowam edýän NSU işiniň tamamlanandygyny, kazkyýetiň höküm çykarandygyny we esasy ženaýatçynyň 10 ženaýat sebäpli ömür boýy azatlykdan mahrum edilendigini ýatlatdy.

Esasy ženaýatçynyň we ženaýatkärleriň žezalandyrylmagynyň möhümdigini nygtan Çawuşogly; “Emma derňew işiniň çaginde ženaýatyň aňyrsyndaky adamlar ýüze çykarylmady. Ženaýatçylar howpsyzlyk gullugyndan we döwletden goldaw alandyklaryny aç-açan boýun alan hem bolsa, şol adamlaryň ýa-da guramalaryň kimdigi ýüze çykarylmady” diýdi.

Prezidentiň Metbugat Sekretary İbrahim Kalyn hem NSU işinde berilen kararyň kanagatlandyryžy bolmandygyny beýan etdi.

Kalyn twitter arkaly beren beýanatynda; “GYnansagam Germaniýa NSU işinde rasizme we rasistlere ýeterlik çäre görmändigi üçin synagdan geçip bilmedi. Nemes edaralaryndan Germaniýada we Ýewropada ýaýbaňlanýan rasizme garşy egilşiksiz göreşmeklerini, şol çäkde esasanda syýasatçylaryň we medianyň parasatly çemeleşmegine garaşýandygymyzy nygtasym gelýär” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar