Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Türk ýaragly güýçleriniň Şyrnak welaýatynyň çetki obalary bilen Yragyň Kandil, Awaşin-Basýan we Gara etraplaryna guralan howa operasiýalarynda 11 terrorçy ýok edildi

Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Baş ştabyň Twitter hasabyndan berilen beýanatda howa operasiýasynda ekstremist terror guramasyna degişli gaçybatalgalaryň, gowaklaryň we ok-däri ammarlarynyň ýok edilendigi habar berildi.

Beýanatda howa operasiýalarynda 11 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.


Etiketkalar: beýanat , Twitter , Baş ştab

Degişli Habarlar