Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Howa hüjüminde 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy

Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap, Awaşin-Basýan etrapçalaryna we Şyrnak welaýatynda guralan howa hüjümlerinde 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştabyň Twitter arkaly beren beýanatyna görä, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap, Awaşin-Basýan etrapçalaryna we Şyrnak welaýatyna howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde ekstremist terror guramasyna degişli gowaklar, gaçybatalgalar we ýarag ammary nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Howa hüjüminde 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

 

 


Etiketkalar: howa hüjümi , demirgazyk , Yrak

Degişli Habarlar