Daşary işler ministri Kandil operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Çawuşogly Demirgazyk Yrakda ýerleşýän Kandile giň gerimli operasiýanyň başlaylmagy üçin Eýran bilen gepleşikler geçirilýändigini belläp: “Bu işiň bir söweş tarapy bar, birem diplomatiýada edilmeli işler bar. Eýran bilen gepleşikler geçirýäris” diýdi

Daşary işler ministri Kandil operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Hususy bir telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat beren Çawuşogly Demirgazyk Yrakdaky Kandile garşy giň gerimli gury ýer operasiýasynyň başladylmagy bilen bagly soraglara jogap berdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Serhedimiziň beýleki tarapyndaky howplary saplamagymyz gerek. Yrakda nirde bolsa bolsun, bu terrorçylary saplarys. Harbylarymyz, razwedka işgärlerimiz tehniki ýagdaýda näme edilmelidigi barasynda işler geçirýär. Bu işiň bir söweş tarapy bar, birem diplomatiýada edilmeli işler bar. Eýran bilen gepleşikler geçirýäris. Olar üçin hem PKK/PJAK bir howpdyr” diýdi.

ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda Manbidž babatynda baglaşylan ylalaşyk bilen bagly soraglara hem jogap beren Çawuşogly: “ÝPG-niň ol ýerden çekilmegi diýmek, ýaraglaryny taşlamak diýmek. ABŞ ýarag berdi, ony hem gizlänok, indi beremok diýýär. Bu ýerleri asudalyga gowuşdyrmagymyz üçin bu ýaraglaryň yzyna alynmagy gerek. Bilelikde işleşip, näme edip boljakdygyny göreris. Ýaraglary beren yzyna ýygnar. Esasy zat ABŞ-niň sözünde durmagy” diýip nygtady.



Degişli Habarlar