"Yragyň Kandil etrabyny Türkiýe üçin howply bolmakdan halas ederis"

Prezident Erdogan Nigde şäherinde halka ýüzlenip çykyş etdi

990382
"Yragyň Kandil etrabyny Türkiýe üçin howply bolmakdan halas ederis"

Prezident R. T. Erdogan Yragyň Kandil etrabyny Türkiýe üçin indi howply bolmakdan we terroryň merkezi bolmakdan halas edýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan Nigde şäherinde halka ýüzlenip çykyş etdi.

Çykyşynda Siriýanyň Afrin etrabyny ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-den halas edendiklerini aýdan Erdogan “20-njy ýanwardan bäri diňe Afrinde 4500-den gowrak terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirik. Yrakda hem Kandilde we Sinjarda operasiýa başlatdyk. 20 uçarymyz bilen 14 ýeri hatardan çykardyk. Nyşanalaryny hatardan çykaran uçarlarymyz harby bazalaryna gaýdyp geldi emma operasiýalar dowam eder” diýdi.

Prezident Erdogan “Kandili ýurdumyz we halkymyz üçin howply bolmakdan halas ederis” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Nigde , #Afrin , #Kandil

Degişli Habarlar