Prezident Erdogan eşretli durmuş üçin her bir adamy ünsli bolmaga çagyrdy

Prezident Erdoganyň Daşky gurşaw goramagyň bütindünýä güni mynasibetli çap eden ýüzlenmesi

986216
Prezident Erdogan eşretli durmuş üçin her bir adamy ünsli bolmaga çagyrdy

Prezident R. T. Erdogan halkara ýylylyk, guraklyk, suwsyzlyk, çölleşme, bioköpdürliligiň azalmagy we käbir janly jandarlaryň görnüşleriniň ýok bolmagy ýaly käbir daşky gurşaw kynçylyklarynyň dünýäniň esasy meselelerinden biridigini nygtady.

Prezident Erdogan 5-inji iýun Daşky gurşaw goramagyň bütindünýä güni mynasibetli çap eden ýüzlenmesinde adamzadyň geljegine wehim salýan daşky gurşaw meseleleriniň çözülmeginde halkara derejesinde ediljek hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Erdogan “Galkynyş meýilnamalary kesgitlenilýärkä tebigatyň goralmagyna, agaçlandyrylmagyna we daşky guwşawyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna üns berilmegi diýseň möhüm” diýdi.

Prezident Erdogan daşky gurşawyň goralmagy üçin alnyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanýan Türkiýäniň halkara şertnamalaryň çägindäki jogapkärçiliklerine laýyklykda senagat desgalarynyň, ulaglaryň we galyndylaryň tebigata zyýan ýetirmekden gaýtadan işlenip çykarylmagy, ykdysadyýet, şäherleşme we energetika ýaly birnäçe ugurda daşky gurşawyň goralmagyny esas alýan syýasat alyp barýandygyny belledi.

Prezident Erdogan tebigatyň we şäherleriň tebigy durkuny, daşky gurşawy goramak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, mekdepleriň we raýatlaryň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň diýseň möhümdigini nygtady.

Prezident Erdogan geljekde ýnsanlaryň arassa dünýäde ýaşamagy üçin, eşretli durmuş üçin her bir adamy ünsli bolmaga çagyrdy.

 



Degişli Habarlar