Hulusi Akar bilen Dunford telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki serkerde Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

984257
Hulusi Akar bilen Dunford telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar bilen ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Dunford telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Baş ştabynyň metbugat geňeşçisi Patrik Ryder mesele hakynda beren beýanatynda “Iki serkerde terror guramasy DAIŞ-iň ýeňilmegi üçin Siriýa meselesinde gepleşiklerini dowam etdirer”diýdi.

Ryder iki kärdeşiň Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Türkiýe bilen ABŞ-ny NATO-nyň esasy iki agzasy hökmünde häsiýetlendiren Ryder iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň güýçlenmek bilen dowam edýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar