Türkiýe Yrakda Türkmenlere guralan hüjümi ýazgardy

Türkmenlere düýn gije guralan hüjüm barada beýannama berildi

983921
Türkiýe Yrakda Türkmenlere guralan hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrligi Kerkukdaky saýlawlarda galplyk edilendigi baradaky habarlary protest eden Türkmenlere düýn gije guralan hüjüm barada beýannama berdi

Beýannamada: “Kerkukda geçirilen saýlawda galplyk edilendigi baradaky habarlar sebäpli şäerde parahatçylykly ýörişler geçiren türkmen soýdaşlarymyza düýn gije bombaly hüjüm guralandygy we hüjüm sebäpli üç soýdaşymyzyn ýaralanandygyny öwrendik” diýilýär.

Ministrlikden berilen beýannamada: “Kerkukda durnuksyzlyga sebäp bolýan käbir töwerekleriň gönükdirmeginde guralandygy belli bolan şol pespäl hüjümi ýazgarýarys we Yragyň degişli ýolbaşçylarynyň günäkärleri dessine tapyp, jenaýat jogapkärçiligine çekmegine garaşýarys. Pursatdan peýdalanyp Kerkukdakylaryň başda durmagynda BMG-niň beýannamasynda we synçylaryň habarnamasynda üns çekilen saýlawdaki galplyklaryň aç-açan derňlip, netijelendirilmeginiň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar