Daşary ýurtlardaky türkler 7-nji iýunda ses bermäge başlarlar

Daşary ýurtlardaky saýlaw sanawyna girýän raýatlar 60 ýurtda we 123 wekilhanada 19-njy iýuna çenli ses berip biler

Daşary ýurtlardaky türkler 7-nji iýunda ses bermäge başlarlar

Gümrük geçelgelerinde bolsa sesler 7-nji iýundan we 24-nji iýuna çenli beriler.

Ýurtlara görä ses beriliş wagty şeýle:

Germaniýa, Awstriýa, Fransiýa: 7-19-njy iýun

ABŞ, Awstraliýa, Lýuksemburg: 9-17-nji iýun

Daniýa:  7-19-njy iýun

Norwegiýa: 14-19-njy iýun

Italiýa, Türkmenistan: 15-19-njy iýun

Belgiýa, Gollandiýa, Şweýsariýa: 15-19-njy iýun

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Kanada, Bolgariýa: 16-18-nji iýun

Britaniýa: 16-19-njy iýun

Hytaý, Russiýa, Rumyniýa, Saud Arabystany, Bahreýn, Gresiýa, Liwan, Ysraýyl, Ukraina, Birleşen Arap Emirlikleri, Bosniýa-Gersogowina, Alžir, Finlandiýa, Şwesiýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Makedoniýa, Sudan:16-17-nji iýun

Sesler ozalky saýlawlarda bolşy ýaly berilen ýurtlaryndan uçar ýa-da diplomatik kurýer bilen Türkiýä getiriler.

24-nji iýunda bolsa Türkiýede sesleriň berilmegi tamamlandan soň açylyp, sanar.


Etiketkalar: ses bermek , daşary ýurt

Degişli Habarlar