Türkiýe Ysraýylyň Stambuldaky Baş konsulynyň hem ýurduna gitmegine isledi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisinden soň, Ysraýylyň Stambuldaky Baş konsuly Ýosef Lewi Sfariniň hem birnäçe wagtlyk ýurduna gitmegine isledi

Türkiýe Ysraýylyň Stambuldaky Baş konsulynyň hem ýurduna gitmegine isledi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Ysraýylyň Stambuldaky Baş konsuly Ýosef Lewi Sfariniň hem Ysraýylyň palestinalylara garşy guran hüjümlerinden soň başdan geçirilýän wakalar sebäpli birnäçe wagtlyk ýurduna gaýtmagy talap edildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi düýn Ysraýylyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Eitan Naehiň birnäçe wagtlyk ýurduna gaýtmagynyň gowy boljakdygy barada özüne habar berdi.

ABŞ-niň ilçihanasynyň Tel Awiwden Iýerusalime göçürmeginden soň, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň palestinalylara garşy başladan gyrgynçylygynda 62 adam ýogaldy, 3 müňden gowrak adam ýaralandy.

Şol sebäpli Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Türkiýäniň Tel Awiwdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kemal Ökem bilen Türkiýäniň Waşingtondaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serdar Kylyçy wakalary ele almak üçin Türkiýä çagyrdy.



Degişli Habarlar